Sepleriň elýeterliligi

Sowuk uruş döwri geçirilen amerikan sergisi sowetleri geň galdyrypdy


Nikita Hruşew Mokskwadaky amerikan sergisinide Pepsi içýär we ABŞ-niň wise-prezidenti Riçard Nikson oňa seredýär, 1959-njy ýylyň iýul aýy.

Nikita Hruşew Mokskwadaky amerikan sergisinide Pepsi içýär we ABŞ-niň wise-prezidenti Riçard Nikson oňa seredýär, 1959-njy ýylyň iýul aýy.

50 ýyl mundan ozal 25-nji iýulda ABŞ Sowet Soýuzynda ösen tehnologiýalarynyň sergisini açypdy. 1959-nji ýylda Moskwada bolan şol sergi iki ýurduň Sowuk uruş döwründäki gatnaşyklary maýyllaşan döwründe geçirilipdi.

Şol serginiň guramaçylary, onuň şu günki ähmiýetine ünsi çekýärler we şol tejribeleriň ABŞ-niň prezidenti Barak Obamanyň Moskwa bilen gatnaşyklary ýakynlaşdyrmak ugrundaky häzirki tagallalarynyň çäginde peýdaly bolup biljegini belleýärler.

50 ýyl mundan ozal wise-prezident Riçard Niksonyň we Sowet ýolbaşçysy Nikita Hruşewiň gatnaşmagynda Moskwanyň Sokolniki parkynda amerkan sergisi açylypdy. Şol sergde amerikan inženerleri tarapyndan özboluşly gurulan birnäçe pawilionlarda moda we köp sarp edilýän täze harytlaryň sergisi guralypdy.

Iýul aýynyň jokrama yssysyna garamazdan sergide görkezilen amerikan ulaglaryny, kir ýuwýan maşynlaryny, surata düşürýän Polaroid kameralaryny, bir mahalky ýaşaýyş öýüniň modelini görmek üçin iki milliondan gowrak adam ýygnanypdy.

Serginiň maksady

Şol serginiň dizaýneri Jek Maseý çäräniň maksadynyň sowet adamlary haýran galdyryp, kapitalizmiň kommunizmden has ösendigini görkezmekden ybarat bolman, olara Amerika barada habar bermekden ybarat bolanlygyny aýtdy. “Gynansak-da amerikan sergileri bilen adatça bolşy ýaly bizde ýeterlik pul bolmandy. Biziň maliýe üpjünçiligimiz gowşakdy. Moskwadaky şol sergä 3,6 million dollar çykarylan bolsa, deňeşdirme üçin Sokolniki parkyndan 3 esse kiçi Brýusselde geçirilen sergä 14 million dollar sarp edilipdi”, diýip Jek Maseý aýtdy.



Muňa garamazdan sergi örän üstünlikli geçipdi. Adamlar sergä tomaşa etmek üçin köp sagatlap nobata durupdy. Köpler ömründe ilkinji gezek Pepsi-Colany dadyp görüpdi. Staliniň ölüminden sähelçe wagt geçensoň sowet halky günbatar durmuşyna syn etmek mümkinçiligine eýe bolupdy.

Moskwanyň ýaşaýjysy Tatýana şonda 16 ýaşyndady. “Bu örän haýran galyryjy we gyzykly waka bolupdy. Men şol ýerde guralan sergileriň ählisine baryp gördüm öýdýärin, hatda traktorlaryň duran ýerine-de barypdym. Men ähli zady görmek isleýärdim” diýip Tatýana ýatlaýar.

Nikson bilen Hruşew serginiň açylan güni pawilionlara aýlanyp ýörkä, öz kömekçilerini geň galdyrypdylar. Iki lider bu ýerde görkezilen aşhana modeliniň öňünde saklanyp, ýurtlaryň tehnologik mümkinçilikleri barada söhbet açdylar. Olar bu söhebetdeşligini “RCA” telewideniýesiniň studiýasynyň duşunda hem dowam etdirdiler. Şonda Nikson ABŞ-niň reňkli wideo ýazgy tehnologiýasynda öňe çykanlygyny belläpdi. Öz nobatynda Hruşew sowetleriň köp ugurlardan öňe saýlananlygyny öňe sürüpdi.

“Hruşew üstün çykardy”

Daşary syýasat boýunça alym Eduard Iwanýan şol döwürde Sowet Soýuzynyň Medeniýet ministrliginde işläpdi. Ol Hruşew bilen Niksonyň şol özara çekeleşigine sebäp bolan wideo apparatyny döreden “Ampeks” atly amerikan kompaniýasynyň aslyýetinde ors emigranty tarapyndan esaslandyrylanlygyndan şol wagt hiç kimiň habarly bolmanlygyny aýtdy. “AMPEKS - Aleksandr Matweýewiç Ponýatowyň adynyň ilkinji harplaryndan gelip çykýar. Milleti ors şol Ponýatow, çekeleşiklere sebäp bolan wideo kameralary döreden adam. Eger şonda Nikson bilen Hruşew şondan habarly bolan bolsady, olaryň arasyndaky dawanyň ugury üýtgärdi we şonda Hruşew şübhesiz üstün çykardy”, diýip Eduard Iwanýan aýtdy.

Moskwadaky şol amerikan sergisiniň 50-nji ýyldönümi bilen baglylykda geçirilen metbugat konferensiýasy ABŞ-niň prezidenti Barak Obamanyň iki ýurduň aragatnaşyklaryna täze itergi bermek synanyşygy bilen Moskwa eden saparyndan bir gün geçensoň gurnaldy.
XS
SM
MD
LG