Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Hazar ýataklary boýunça Azerbeýjany suda berýär


24-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň yörite mejlisini geçirdi. Duşuşykda Hazar deňziniň dawaly territorial meselesine garaldy.

Prezident Berdimuhamedow ýurduň Daşary işler ministri Raşid Meredowa Hazar deňziniň dawaly gaz ýataklary boýunça Azerbeýjany Halkara Arbitraž Sudyna bermegi tabşyrdy. Bu hereket NABUCCO proýektiniň durmuşa geçirilmegini kynlaşdyrmagy mümkin diýip, “Reuters” habar agentligi ýazdy.

Türkmenistan we Azerbeýjan uzak wagtdan bäri Hazar deňziniň nebit we gaz ýataklary boýunça ylalaşman gelýärdiler. Iki ýurduň arasyndaky soňky gepleşiler geçen hepde netijesiz tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary we Hazar deňzi boýunça ýurduň ýörite wekili Toýly Kömekow Ministrler Kabinetiniň ýörite maslahatynda hasabat berdi.

Türkmen prezidenti Hazar deňziniň hukuk statusyny kesgitlemek boýunça gepleşiklerde özara bähbitli pozisiýany tapmak we işläp taýýarlamak aladalarynyň esasan, Azerbeýjanyň eýeleýän aýratyn pozisiýasy sebäpli netije bermändigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbeýjan bilen 16 gezek gepleşik geçirilendigini we bu meseläniň çözülmän galandygyny belledi. Şeýle hem Berdimuhamedow, Halkara Arbitraž Sudunyň islendik kararyny kabul etmäge Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG