Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Gürjüstan we Ukraina üçin NATO-ny kötekleýär


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew NATO Gürjüstan bilen Ukrainany goranyş ýaranlygyna agza edip almaga taýýar däl diýýär.

Medwedew rus telewideniýesinde çykyş edip, bu ýaranlyga “problemasy ýetik” Gürjüstanyň geregi ýok, şeýle-de ol orta ukrainalylaryň pikirini nazara almaly, olaryň köpüsi NATO agzalygyna garşy diýdi.

Ol NATO Gürjüstan bilen Ukrainanyň agzalyga “çekilmeli” däldigine düşünip başlaýar diýdi.

Geçen hepde ABŞ-nyň wise prezidenti Jo Baýden Ukriana bilen Gürjüstanyň Orsýetiň täsirinden sypyp, ýaranlyga
goşulmak baradaky tagallalaryny goldamak barada wada beripdi.
XS
SM
MD
LG