Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranyň oppozisiýa liderleri ýas tutmaga rugsat soraýar


Eýranyň oppozisiýa liderleri Mir Hosseýin Musawi we Mehdi Karrobi geçen aý bolan prezident saýlawlary bilen bagly protest demonstrasiýalarynda öldürilen adamlaryň ýas dabarasyny geçirmäge rugsat soradylar.

ISNA habarlar gullugy bu talabyň Içeri işler ministri Sadek Mahsoulä hat arkaly ýetirilendigini ýazdy. Iki lider bu dabarada söz sözlenmejegini, diňe Kurandan aýat okaljagyny we gelenleriň ümsümlikde ölenlere hormat etmekleriniň soraljagyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG