Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merhum Aýgül Täjiýewa barada söhbetdeşlik


Türkmen parlamentiniň öňki deputaty, Türkmenistanyň Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň öňki başlygy Aýgül Täjiýewa.
Türkmen parlamentiniň öňki deputaty, Türkmenistanyň Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň öňki başlygy Aýgül Täjiýewa.

Türkmen parlamentiniň öňki deputaty, Türkmenistanyň Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň öňki başlygy, Şwesiýada emigrasiýada ýaşaýan Aýgül Täjiýewa 2009-njy ýylyň 22-nji iýulynda 65 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Täjiýewa barada türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýün bilen Türkmen gullugyndan Nazar Hudaýberdi söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Halmyrat, 22-nji iýulda tarpa-taýyn diýen ýaly aradan çykan Aýgül Täjiýewa bilen siz haçandan bäri tanyş?

Halmyrat Söýün: 1990-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri. Şol wagt Türkmenistanyň Ýokary Sowetine deputatlar saýlanypdy. Deputat saýlanan adam hökmünde parlamentde tanyş bolupdyk. Şondan bäri geçen 20 ýyl töweregi wagt içinde Aýgül Täjiýewa bilen dostlukly gatnaşykda.

Azatlyk radiosy: Türkmen parlamentiniň deputaty hökmünde Aýgül Täjiýewa nähili işler bitirdi?

Halmyrat Soýün
Halmyrat Söýün:
Bellemeli zat, şol döwür parlamente saýlanan deputatlaryň arasynda halkyň islegi bilen saýlanan 5-10 sany deputat bardy. Şolaryň biri Aýgül Täjiýewady. Ol parlamente gelen gününden başlap, Türkmenistanyň aýal-gyzlary, çagalary bilen bagly uly işlere girişdi. Parlamentiň sosiýal-durmuş şertleri barada kabul eden islendik kanunynda Aýgüliň goşan goşandy bar, bitiren işi, hyzmaty bar. Şol döwürde ýurtda çagalar, eneler barada alada diňe kagyz ýüzünde bardy, meseläni bilýän adam hökmünde ol şol işleri durmuşa geçirmek üçin köp işler etdi. Türkmenistandaky problemalary gowy bilýärdi. Şonuň üçin problema deputatlaryň ünsini çekmek oňa başardýardy. Netijede, bir topar kanunlar kabul edilipdi. Nyýazowyň şahsyýet kulty güýçlenýänça, Türkmenistanda bar bolan sosial kömeklerde Aýgül Täjiýewanyň uly hyzmaty bar.

Ol Agzybirlik Halk Hereketiniň işläp düzen dokumentlerini, taýýarlan ýüzlenmelerini getirip, Türkmenistanyň parlamentinde deputatlara paýlaýardy. Gaýratlylygy şunuň ýalydy.

Azatlyk radiosy: Aýgüliň maşgalasy bilen daşary ýurda emigrasiýa çykmagyna nähili sebäpler bolupdy?

Halmyrat Söýün: Birinji sebäp, ony deputatlykdan mahrum etdiler. Muny etmäge hiç kimiň hukugy ýokdy. Ýone öz töweregindäki adamlar bilen “Parlamentiň deputatlarynyň deputaty mandatyndan mahrum etmäge haky bar” diýen kanun çykardy, şol kanunyň birinji pidasy Aýgül Täjiýewa boldy. Alyp baran jemgyýetçilik işleri, ilata eden kömegi, “Agzybirlik” bilen aragatnaşyk saklamagy sebäp boldy.

Muhammetmyrat Salamatowyň ‘Daýanç’ žurnalyny jurnalist Mämmet Sähet bilen öz ulagynda Aşgabatda, Gyzylarbatda, Balkanda ýaýratdy. Şu aýdylanlaryň ählisi onuň deputatlykdan mahrum edilmegine, wezipesinden kowulmagyna getirdi. 1991-nji ýyldan 2002-nji ýyla çenli 11 ýyllap öý tussaglygynda ýa-da göz tussaglygynda ýaşamaly boldy. Özune-de, maşgala agzalaryna-da iş berilmedi. Pensiýasyz oturdy. Şol görgülerden soňam Moskwa aşyp bildi. Iki ýyldanam BMG-nyň bosgunlaryň işi boýunça edarasynyň kömegi bilen Şwesiýa emigrasiýa çykdy.

Azatlyk radiosy: Emigrasiýada ýaşan döwründe syýasy işlere gatnaşypdymy?

Halmyrat Söýün: Elbetde, ol Aşgabatda ýaşanda-da mümkinçiligine görä, il içine çykyp halkyň derdini paýlaşýardy. Emigrasiýa çykandan soň oppozisiýon hereketlere aktiw gatnaşdy. Moskwada ýaşap ýören ýyllaram oppozisiýanyň ýygnaklaryna gatnaşýardy. Öz pikirini açyk aýydýardy. Türkmenistanyň ösüş ýollary barada çykyşlar edýärdi. Oppozisiýanyň agzyny birikdirmek üçinem alada baryny edipdi. Zenan bolsa-da, pylança erkegiň işini bitiren adam Aýgül Täjiýewa. Baýdak ýaly deputat zenanlar Türkmenistanda barmak basyp sanaýmaly. Şolaryň biri-de Aýgül Täjiýewady. Eden hyzmaty köp, ýöne näme türkmen aýtmyşlaýyn, gülüň biten ýerinde gadyry ýok. Merhumyň jaýy jennetden bolsun!
XS
SM
MD
LG