Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda geçen saýlawlara nägilelikler bar


Gyrgyzystanyň gaýtadan saýlanan prezidenti Kurmanbek Bakiýew.

Gyrgyzystanyň gaýtadan saýlanan prezidenti Kurmanbek Bakiýew.

Gyrgyzystandaky saýlawlara syn edýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ses berişligiň “esasy standartlardan daşlaşanlygyny” belledi.

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri bolsa Kurmanbek Bakiýewiň ilkinji netijelere görä, azyndan 80 prosent ses toplap, doly üstünlik gazanandygyny yglan etdiler.

ÝHHG-niň 23-nji iýul saýlawlary barada çap eden ilkinji netijelerinde, “Gynansakda bu saýlawlar öňegidişlik görkezmedi, Gyrgyzystandaky saýlawlar öz üstüne alan esasy standartlaryna gabat gelmedi” diýip bellendi.

Gyrgyzystanyň milli saýlaw komissiýasy, özüne oppozisiýa tarapyndan şikaýatlaryň gowuşmagynyň dowam etmegine garamazdan, ses berişligiň netijelerine kanagatlanma bildiridi.

Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Timur Lisowskiý saýlawlaryň ilkinji netijelerini yglan edip, Bakiýewiň esasy bäsdeşlerinden öňe saýlanyp, sesleriň 89,4%, ýagny 861 müň 766 ses toplanlygyny yglan etdi.

Atambaýew saýlawlardan çekildi

Saýlawlarda Bakiýewiň esasy bäsdeşi bolan Gyrgyzystanyň ozalky premýer-ministri we Sosial-Demokratik partiýasynyň agzasy Almazbek Atambaýew, uly galplyklar we saýlaw kampaniýasynyň dowamynda özüne edilen güýçli basyşlar sebäpli bäsdeşlikden çykýanlgyny yglan edipdi. Emma muňa garamazdan, onuň saýlawlarda toplan sesleri bilen ikinji orna çykanlygy aýdyldy. Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Timur Lisowskiý Atamaýew Almazbek Sarsenowiçiň sesleriň 6,19 %, ýagny 59 müň 887 sese eýe bolandygyny yglan etdi.

Saýalawlar geçen güni Atambaýew adamlaryň jemlenip köçä çykmagyna we ses berişligiň geçirilişine protest bildirmegine çagyryş edipdi. “Adamlardan biz bilen köçä çykmagy haýyş ederis. Şu gün, gerek bolsa ertir hem. Biz Merkezi Saýlaw Komissiýasyna, şeýle köp kemçilikli saýlawlary kanunlaşdyrmagyň has uly we köpçülikleýin nägilelikleri döretjegini duýdurýarys. Deputatlaryň tussag edilmegi bolsa, tutuş Yssyk-Köl welaýatyny aýaga galdyrar diýip pikir edýärin”, diýip Almazbek Atambaýew aýtdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçylary Gyrgyzystandaky ýagdaýlaryň häzir asudadygyny habar berdiler.

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri saýlawlaryň gidişinde ses berijileriň býulletenleriniň galplaşdyrylmagy bilen bagly azyndan bir wakanyň bolandygyny tassykladylar.

Saýlaw güni iki sany parlament agzasynyň Mirbek Asankulowyň we Kubaniçbek Kadyrowyň tussag edilmegi bilen tapawutlandy. Olaryň ikisi-de Atambaýewiň Sosial-Demokratik partiýasynyň agzalary. Olaryň tussag edilmegi Yssyk-Köl welaýatynda bir müňe golaý adamyň protest bildirip koçä çykmagyna sebäp boldy. Protestçilere garşy polisiýa tarapyndan göz ýaşardyjy gazy ulanmak we howa ok atmak ýaly çäreleriň amala aşyrylanlygy habar berildi.

24-nji iýulda Gyrgyzystanda hiç hili protestler barada habar berilmedi.

XS
SM
MD
LG