Sepleriň elýeterliligi

Bakiýewiň saýlawlarda ýeňendigi tassyklandy emma oppozisiýa nägile


Kurmanbek Bakiýewiň sesleriň 76%-ni alyp prezident saýlanandygy tassyklandy.

Kurmanbek Bakiýewiň sesleriň 76%-ni alyp prezident saýlanandygy tassyklandy.

Şu gün Gyrgyzystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy 23-nji iýulda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Kurmanbek Bakiýewiň sesleriň 76%-ni alyp ýeňiş gazanandygyny tassyklady. Bakiýewiň esasy bäsdeşi Almazbek Atambaýew bolsa sesleriň 8,4%-ni alypdyr.

Gyrgyzystanyň oppozisiýa lideri Almazbek Atambaýew penşenbedäki saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny aýdypdy. Emma saýlaw resmileri wagtlaýyn prezident Bakiýewiň ikinji möhlete ýeňendigini habar berdiler.

Ähli saýlaw merkezlerde berilen sesler boýunça oppozisiýanyň synçylarynyň gelen netijesi meniň ýeňendigimi subut edýär diýip, Atambaýew şenbe güni Azatlyk radiosyna aýtdy. “ Şu gün biziň kompaniýamyz deslapky netijeleri jemledi. Biz owal söz berişimiz ýaly berilen sesleri hökümet bilen birlikde özümiz hem sanadyk. Şol netijelere laýyklykda, sesleriň 60 prosentden gowragy birleşen oppozisiýanyň kandidaty Atambaýewe we 25 prosenti bolsa Bakiýewe berildi” diýip Atambaýew belledi.

Atambaýew häkimiýetleri aýyplaýar

Şol bir wagtyň özünde, deslapky resmi netijelerde Bakiýewiň 82 prosentden gowrak we Atambaýewiň bary ýogy 8 prosent ses alandygy aýdyldy. Atambaýew saýlawlarda galplyk edenlikde häkimiýetleri aýyplady. Ol 29-njy iýulda oppozisiýanyň asuda demonstrasiýa we ýörişlere başlamagy planlaşdyrýandygyny aýtdy. “Saýlawlaryň galp geçirilendigi barada bizde dokumentler we beýleki materiallar bar. Hut şonuň üçin-de, adamlar biynjalyk bolýarlar. Adamlar başga şahsa ses berse-de, ogrular geldi we özüni prezident diýip yglan etdi.”

Atambaýewiň aýtmagyna görä, saýlaw geçeli bäri adamlar oňa jaň edýärler. “Biz dürli regionyň ilaty bilen diskussiýadan soň, 29-njy iýulda bütin Gyrgyzystanda asuda demonstrasiýalar we ýörişler geçrimegi karar etdik.”

Şenbe güni Atambaýewiň wekili jemgyýetçilige wideo ýazgy ýayratdy. Onda bir saýlaw merkezinde düşürilen suratda bir topar adamyň birden köp saýlaw merkezde ses berendigi görkezildi.

Gyrgyzystanyň saýlaw resmileriniň aýtmagyna görä, olar bu wideo ýazgynyň göçürmesini aldylar we ony derňemek üçin prokurorlara ýolladylar.

Merkezi saylaw komissiýanyň maglumatyna görä, käbir saýlaw merkezlerinde bir saýlawçynyň birnäçe adama beren sesleri ykrar edilmedi.

Halkara reaksiýalar

Gyrgyzystanda geçen prezidentlik saýlawlary halkara derejede hem berk tankytlandy. ÝHHG-niň saýlaw synçylary beýleki galplyklar bilen birlikde sandyklary aýlap ilata ses berdirmegiň we bir adamyň birnäçe adama ses bermeginiň bolandygyny aýtdylar.

Ýewropa Birleşigi hem ÝHHG-niň aladasyna goşulýandygyny habar berdi. Şol bir wagtyň özünde, GDA ýurtlarynyň synçylary saýlawlaryň “açyk we erkin” geçendigini aýtdylar.

Gyrgyzystanyň ýerli garaşsyz synçylarynyň maglumatyna görä, bu saýlawlardaky ses berlişikde we olaryň sanalyşyndaky bikanunçylyklaryň arkasynda hökümet resmileri durýar.
XS
SM
MD
LG