Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Orta Gündogarda parahatçylyga çagyrýar


ABŞ-nyň Orta Gündogar boýunça wekili Jorj Mitçel Ysraýyla, palestinalylara we arap döwletlerine sebitde parahatçylyga tarap kyn ädimleri ätmek baradaky çagyryş bilen ýüzlendi.

Ol konfliktdäki taraplaryň ählisiniň has köp iş etmelidigini aýtdy. Mitçel Günbatar Kenarda geçiren gepleşikleri mahalynda palestin prezidenti Mahmud Abbasa Waşington biziň durnukly parahatçylyk gazanyp bilmegimiz üçin ähli zady edýär diýdi.

ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts häzir Ysraýyla sapar edýär. Ol Eýranyň dawaly ýadro programmasy we Birleşen Ştatlaryň Orta Gündogardaky parahatçylyk tagallaryny janlandyrmak barada gepleşik geçirýär.
XS
SM
MD
LG