Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul Badhyz welaýatynda Talyban bilen ýaraşýar


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň sözçüsi häkimiýetler demirgazyk-günbatar welaýatdaky talyp söweşijileri bilen atyşygy kesmek barada ylalaşyk gazandylar diýdi.

Bu Owganystanyň merkezi hökümetiniň geljek aýdaky saýlawlaryň öňüsyrasynda zorlukly wakalaryň köpelmeginiň arasynda äden ilkinji şeýle ädimidir.

Sözçi Seýamak Herawi ýaraşygyň 6-njy gün, Türkmenistan serehetine golaý Badhyz welaýatynda baglaşylandygyny aýtdy. Ylalaşyga görä, Talyban welaýatdaky saýlaw kandidatlaryna hüjüm etmezlige razy boldy.

Herawi hökümet güýçleriniň hem-de talyban söweşijilerine hüjüm etmejegini, ýöne munuň üçin olaryň sözünde durmalydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG