Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz oppozisiýa lideri saýlawdan soň Orsýete geldi


Gyrgyzystanyň esasy oppozision kandidaty geçen hepde bolan dawaly saýlawdan soň Moskwa geldi. Resmi netijeler prezident Kurmanbek Bakiýewiň 76, Almazbek Atambaýewiň bolsa 8 prosent gowurak ses alandygyny görkezdi.

Atambaýewiň kömekçileri onuň Moskwada kim bilen duşuşýandygyny aýtmakdan boýun gaçyrdylar.

Oppozisiýa 23-nji iýulda geçen saýlawy galplykda aýyplady.

Günbatarly saýlaw gözegçileri bu saýlawyň demokratiki saýlawlaryň esasy talaplaryny ödemändigini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG