Sepleriň elýeterliligi

BMG-nyň başlygy alternatiw çözgüdi goldaýar


BMG-nyň baş sekretary Ban Ki-Mun özüniň Yragyň Kuweýte uruş zyýany sebäpli bermeli öwez puluny azaltmak talabyna “alternatiw” çözgüt tapmak pikirini goldaýandygyny aýtdy.

BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi 1991-nji ýylyň Aýlag urşundan soň Yragy 1990-1991-nji ýyllarda Kuweýti basyp almagy netijesinde zyýan çeken ýurtlara kompensasiýa tölemäge borçly edipdi. Indi Bagdat özüniň nebit girdejileriniň 5 prosentini şol töleglere bermeli.

Yragyň premýer ministri Nury al-Maliki BMG-ny bu tölegleri azaltmaga ýa-da ýatyrmaga çagyrdy. Ol bu pullar Yragyň öz içinde harçlansa gowy bolar diýýär.
XS
SM
MD
LG