Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus sudy Amerikada gözlenýän tussagy azat etdi


Rus sudy guramaçylykly jenaýatyň başynda durmakda güman edilýän we Birleşen Ştatlarda gözlenýän adamy deslapky tussaghanadan azatlyga goýberdi. Içeri işler ministrligi Semen Mogilewiçiň Anna güni girew esasynda goýberilendigini, sebäbi onuň tussag möhletiniň gutarandygyny aýtdy.

Ol 2008-nji ýylyň ýanwarynda salgyt tölemekden gaçmakda aýyplanyp tussag edilipdi. Onuň tussag edilmegi Orsýet bilen Ukraina arasyndaky köp milliardly gaz söwdasy bilen ilteşiklidir öýdülýer.

Birleşen Ştatlar Mogilewiçi Gündogar Ýewropada guramaçylykly jenaýat guramasyny döretmekde aýyplaýar. Bu gurama neşe, ýarag gaçakçylygy, jelepçilik we pul ýuwmak bilen ilteşikli hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG