Sepleriň elýeterliligi

Amerikaly Al-Kaýdaçy ömürlik tussag edildi


Birleşen Ştatlaryň raýaty Ahmed Omar Abu Aly, Al-Kaýdanyň öňki prezident Jorj Buşuň janyna kast etmek dildüwşigine goşulany üçin ömürlik tussaglyga höküm edildi. Oňa 2006-njy ýylda 30 ýyl iş kesilipdi. Ýöne bu höküm şikaýat sudy tarapyndan “ýumşak” hasaplandy.

Abu Alynyň aklawçylyrynyň biri öz müşderisiniň şikaýat etjegini we adalatyň dabaralanjagyna umytlydygyny aýtdy. 2006-njy ýylda bolan sudda ol planlaşdyrylan hüjümi amala aşyryp bilmänligi üçin ömürlik tussag edilmändi, emma bu gezek sudy ynandyryp bolmady.
XS
SM
MD
LG