Sepleriň elýeterliligi

Azerbeýan “Serdar” ýatagy meniňki diýýär


Şabanow: “Azerbeýjanyn hem Sowet dokumentlerine salgylanmak bilen, jedelli Omar, Osman we Serdar ýataklaryny özüniňki hasaplaýar.”

Şabanow: “Azerbeýjanyn hem Sowet dokumentlerine salgylanmak bilen, jedelli Omar, Osman we Serdar ýataklaryny özüniňki hasaplaýar.”

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Daşary işler ministri Raşid Meredowa Hazar deňziniň dawaly ýangyç ýataklary boýunça Azerbeýjany Halkara arbitraž sudyna bermegi tabşyrdy.

Düýbi Bakuwda ýerleşýän «Caspian Barrel» atly barlaglar merkeziniň direktory, energiýa meselesi boýunça bilermen Ilhan Şabanow Türkmenistan bilen Azerbeýjanyn arasyndaky territorial meseleleri Halkara sudunda çözmek barada türkmen prezidentiniň beren bu soňky görkezmesine käbir analitikleriň güneşli gün ýyldyrym çakmasy ýaly reaksiýa bildirendiklerini aýtdy.

Anna günki hökümet maslahatynda Hazardaky jedelli territorialar boýunça 16 gezek ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilendigini aýdan prezident Berdimuhamedow, bu gepleşikleriň netijesiz tamamlanmagynda Azerbeýjan tarapyny aýyplady, ýagny, ol: «Biz şu mesele boýunça on alty gezek ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdik. Ýöne häzire çenli bu meseläni çözüp bilmeýäris… Esasan hem Azerbeýjanyn bu meselä öz garaýşy sebäpli uzak wagtdan bäri çözülmän gelýär»-diýdi.

Türkmen lideri SSSR döwründe şol wagtky Sowet hokümetiniň karary esasynda deňizdäki häzirki Serdar diýlip atlandyrylýan energiýa ýatagynyň Türkmenistana degişli diýlip ykrar edilendigini tekrarlamakdan hem ötri, ol Serdar ýatagyndan birneme aňyrdaky Omar we Osman ýataklaryny hem Türkmenistana degişli diýip hasaplaýandyny belledi.

Azerbeýjan hem özüniňki hasaplaýar

Ýöne azerbeýjanly ekspert Ilhan Şabanow radiomyza beren interwýusynda Azerbeýjanyn hökümetiniň hem şol köne Sowet dokumentlerine salgylanmak bilen, jedelli Omar, Osman we Serdar ýataklaryny özüniňki hasaplaýandygyny aýtdy. Şabanowyň aýtmagyna görä, Britaniýanyň «Britiş Petrolium» ýaly käbir kompaniýalarynyň bu ýataklarda özleşdiriş işlerine başlamaklary hem tötänleýin däl. Munuň üçin Azerbeýjan tarapy öz döwründe bu daşary ýurt kompaniýalaryna ýeterlik esaslary görkezmeli bolupdyrlar.

«Azerbeýjanyň we daşary ýurtlaryň inwestorlary şu 2009-njy ýylyň 1-nji apreline çenli döwürde Hazardaky bu jedelli ýataklary özleşdirmek işlerine 21 milliard dollar maýa ýatyrdylar. Degerli esaslar bolmasa, hiç kim gözüni ýumup, şeýle kop milliardlyk inwestisiýalary ýatyrmasa gerek. Bu babatda 1994-nji ýylda käbir daşary ýurt inwestorlary bilen ýörite kontrakta gol çekildi we daşary ýurt inwestorlary şol kontrakt esasynda-da işläp başladylar. Şonda bu kompaniýalar bu ugurda Azerbeýjanyn görkezen delilleri bilen ylalaşdylar» diýip, analitik Şabanow belledi.

Günbatar üçin oňaýsyz

Käbir analitikleriň pikiriçe, Azerbeýjan bilen Türkmenistanyň arasynda Hazar deňziniň durumy bilen baglanyşykly meselede dawalaryň ýüze çykmagy NABUCCO proýektine gyzyklanma bildirýän Günbatar üçin hem bähbitli bolmaz. Hazardaky jedelli territorial meseleleri çözmekde Azerbeýjan tarapynyň eglişige gitmezliginiň sebäbini Türkiýänin «Gazy» uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Mehmet Seýfettin belli bir derejede Azerbeýjan bilen Orsýetiň gatnaşyklarynyň ýakynlaşmagynda görýär.

«Azerbeýjan bilen Orsýetiň soňky döwürdäki gatnaşyklaryna syn etsek, Türkmenistanyň ýagdaýy şeýle bir ýeňil däl ýaly görünýär. Meniň pikirimçe, edil häzir Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasyndaky gatnaşyklar ozalky derejesini ýitirdi. Ýagny, olaryň gatnaşyklary bu problemany çözmekligiň başky etapyndaky ýaly derejede ýokary däl. Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasyndaky gatnaşyklar gowulaşdan hem bolsa, soňky wagtlar Azerbeýjan bilen Orsýetiň arasynda gowulaşýan gatnaşyklar Hazar basseýni boýunça Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasynda alnyp barylýan diplomatik çärelere we prosesslere öz ýaramaz täsirini ýetirýär» diýip, Mehmet Seýfettin Azatlyk radiosyna beren interwýusynda öz garaýşyny mälim etdi.

Ýöne Bakuwdaky «Caspian Barrel» atly barlaglar merkeziniň direktory, energiýa meselesi boýunça bilermen Ilhan Şabanow Mehmet Seýfettiniň bu garaýşy bilen ylalaşmaýar. «Meniň pikirimçe, Azerbeýjanyn häkimiýetleri Orsýet bilen bar bolan gowy gatnaşyklara garamazdan, özleriniň perspektiw strategik syýasatlarynda hiç haçan haýsydyr bir ýurduň tarapyny tutup çykyş etmezler. Beýleki tarapdan bolsa, Azerbeýjan hemişe energiýa resurslaryny diwersifikasiýa etmekligiň tarapyny tutup gelýär. Ýurduň häkimiýetleri diňe bir eksport ediji ýurt bolmak barada däl, eýsem Gazagystan we Türkmenistan ýaly ýurtlaryň tebigy gazyny dünýä bazaryna geçiriji tranzit ýurdy bolmaklyga-da Ýewropa Birleşigini we Waşingtony ynandyryp gelýärler» diýip, Şabanow ýagdaýa baha berdi.

Analitik Ylhan Şabanow Hazaryň dawaly territorial meselelerini Halkara sudunda çözmek barada Türkmenistan tarapynyň gelen kararyna Azerbeýjanyň hökümetiniň oňyn reaksiýa bildirendigini we halkara sudunyn çykarjak islendik bir kararyny azeri hökümeti hem razylyk bilen kabul eder diýip garaşýandygyny belledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG