Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Hytaý Waşingtonda ýokary derejeli duşuşyk geçirýär


ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň agzasy Dai Bingguo Waşingtondaky metbugat konferensiýasy mahalynda, 27-nji iýul, 2009 ý.
ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň agzasy Dai Bingguo Waşingtondaky metbugat konferensiýasy mahalynda, 27-nji iýul, 2009 ý.

ABŞ we Hytaý Waşingtondaky ýokary derejede geçirilýän iki günlik maslahatda diňe global ykdysady krizis hakynda däl, eýsem ýadro ýaragsyzlandyrmak, terrorçylyga garşy göreş we yklymyň üýtgemegi dogrusynda-da pikir alyşýarlar.

ABŞ we Hytaý Waşingtondaky ýokary derejede geçirilen iki günlik maslahatda diňe global ykdysady krizis hakynda däl, eýsem ýadro ýaragsyzlandyrmak, terrorçylyga garşy göreş we yklymyň üýtgemegi dogrusynda-da pikir alyşýarlar. Gepleşikler başlanmazdan ozal iki tarapyň diplomatlary ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň, ABŞ-niň maliýe ministri Timoti Geitneriň, Hytaýyň wise-prezidenti Wang Kişanyň şeýle-de prezident Barak Obamanyň çykyşlaryny diňlediler.

Geçen 8 ýylyň dowamynda, prezident Buşuň döwründe Hytaý-ABŞ gatnaşyklarynda ykdysady hyzmatdaşlyklara has üns berlip gelindi. Buşuň özi Hytaýy ykdysady bäsdeş diýip häsýetlendiripdi. Onuň administasiýasy şol bir wagtyň özünde Hytaýyň walýutasy ýuanyň real däl esaslarda ösýändiginden hem-de iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşygynda deň agramlylygy saklamaýanlygyndan şikaýet etdi.

27-nji iýuldaky maslahatda prezident Obama, ABŞ-Hytaý arasyndaky söwda gatnaşygy hakynda durup geçip, dünýä möçberinde bu gatnaşyklaryň has uly täsiriniň bardygyny nygtady. “Şonuň netijesinde Pekin bilen Waşington ykdysady syýasatlaryny sazlaşykly alyp barmakda boýun alan borçlaryny yzygiderli ýerine ýetirip gelmeli» diýip, Obama sözüne goşdy.

Prezident Obama taraplaryň klimatyň üýtgemegine garşy hyzmatdaşlyk etmelidigini hem aýtdy. “Dünýäde ABŞ bilen Hytaý iň köp enegiýa sarp edýän döwletler hem-de uly möçberde zäherli gazy çykarýan ýurtlar. Daşary ýurt nebitine garaşly bolup galmak ne biziň peýdamyza bolup biler ne-de hyzmatdaşyk edilemdik ýagdaýynda yklymyň üýtgemeginiň zyýanlaryndan halkymyz halas edip bileris” diýip, Obama mälim etdi.

Terrorçylar ýadro güýje eýe bolmaly däl

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Al-Kaýda ýaly terror toparlarynyň ýadro ýaraga eýe bolmazlygy ugrunda hereket etmelidigini hem nygtadylar. Taraplar Koreýa ýarym adasynyň ýadro ýaragdan azat bolmalydygyny, ýadro programmasy boýunça Phenýanyň gaýtadan gepleşige girişmelidigini hem belläp geçdiler. Mälim bolşy ýaly, ABŞ we Hytaý Demirgazyk Koreýanyň ýadro gepleşikleri toparyna agza.

“Amerika we Hytaý, terrorçylaryň ýadro bomba eýe bolmagyny ýa-da Gündogar Aziýada ýadro ýarag bäsleşiginiň ösmegini islänoklar. Şonuň üçin Koreýa ýarym adasynyň ýadro ýaraglardan halas bolmagy ugrundaky hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmeli” diýip Obama çykyş etdi.

Obama Eýranyň ýadro ambisiýalaryna garşy hem iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmelidigini nygtady.

Öz gezeginde ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton, ýuwaş hereket edýändigine garamazdan iki döwletiň gatnaşyklaryny güýçlendirmek ugrundaky tagallalara gowy baha berdi.

Prezident Obama, howpsuzlyk meselesinde bilelikde iş alnyp barylmalydygyny, şol esasda harby hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigini mälim etdi.

Hytaý tarapy hem bu beýanatlar bilen ylalaşylýandygyny hem-de iki ýurduň taryhy, medeni we sosial sistemasynyň dürli bolmagyna garamazdan olaryň dürli ugurlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin hereket etmelidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG