Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň, Yragyň we ABŞ-niň resmileri Ankarada ýygnandylar


Şu gün Türkiýäniň, Yragyň we Amerikanyň birleşen ştatlarynyň ýokary derejeli resmileri Yragyň demirgazygyndaky separatist kürt söweşijileriniň döredýän problemalaryna nähili çemeleşmelidigi baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin Ankarada maslahata ýygnandylar.

Kürt söweşijileri indi 1984-nji ýyldan bäri Türkiýäniň günortasynda özbaşdaklyga eýe bolmak şygarlary bilen ýaragly hereket alyp barýarlar. Bu ýaragly çaknyşyklaryň netijesinde şu günki güne çenli on müňlerçe adam öldi.

Türkiýäniň hökümeti Yragyň demirgazygyndaky Kürdüstan awtonom regionynyň resmilerini ol ýerdäki separatistik kürt söweşijileriniň Türkiýä garşy hereketlerine göz ýumýanlykda we hat-da olara ýardam berýänlikde aýyplap gelýär.

Ýöne muňa garamazdan, geçen ýyl Türkiýe bu dawaly meseleleri Yragyň merkezi hökümeti we ýrakly kürtler bilen gepleşikler geçirmek hem-de hyzmatdaşlyklary ýola goýmak arkaly çözmäge çalyşjakdygyny mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG