Sepleriň elýeterliligi

Eýran bir tussaghanasyny ýapýar


Şu gün Eýranyň Baş ruhy lideri Aýatollla Aly Hameneýi geçen aý demonstrasiýalarda tussag edilen protestçileriň saklanýan ýeri diýlip hasaplanylýan tussaghanalardan biriniň ýapylmagyna görkezme berdi.

Parlament deputatlaryndan biri Kazem Jalali habarçylara beren interwýusynda «Kahrizak» tussaghanasynyň ýapylmagynyň sebäbini ol ýerde tüssaglaryň hukuklarynyň goralmagy üçin ýeterlik şertleriň ýokdugy bilen düşündirdi.

Jenap Jalali geçen aýdaky köpçülikleýin tussag etmeler bilen baglanyşykly wakalary öwrenmek boýunça Parlament tarapyndan döredilen ýörite Komissiýanyň metbugat sekretary hökmünde iş alyp barýar.

Eýranyň häkimiýetleri häzirki wagt şol protestlerde tussag edilen adamlardan 300-e golaýynyň tussaghanalarda saklanýandyklaryny tassyklaýarlar.
XS
SM
MD
LG