Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Owganystanda boljak saýlawlar boýunça alada bildirdi


Şu gün Birleşen Milletler guramasynyn Owganystandaky ýardam programmasynyň başlygy Kaý Eýde geljek aý bu ýurtda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna talyp söweşijileriniň päsgel bermek howpunyň bardygyny aýdyp, bu baradaky aladasyny mälim etdi.

Hususan-da, ol Owganystandaky talyplaryň abandyrýan howplaryndan heder edip, adamlaryň ses bermäge gatnaşmakdan çekinmekleriniň mümkindigini aýtdy. Bu wakalaryn fonunda bolsa, şu gün prezidentlige dalaş etjek esasy kandidatlardan biri Abdullah Abdullanyň saýlaw kampaniýasynyň menejerine garşy amala aşyrylan hüjümde ol ýaralanyp, onuň sürüjisi öldi.

Hepdäniň bazar güni prezidentlige kandidatlardan ýene birine ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm edildi. Ýöne onda hiç hili adam ýitgisi bolmady.

Bu soňky wakalar 20-nji awgustda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda howpsuzlygy üpjün etmek meselesi bilen baglanyşykly aladalary has-da artdyrdy.
XS
SM
MD
LG