Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti Eýrana gynanç hatyny gönderdi


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow Eýranda Maşat şäherinde ýüz beren uçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejata gynanç notasyny gönderipdir.

Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň maglumatyna görä, türkmen prezidenti öz hatynda bu tragediýanyň pidasy bolan adamlaryň maşgala agzalaryna we hossarlaryna çuňňur gynanç bildirýändigini mälim edipdir.

Ýatladyp geçsek, bu awia heläkçilik geçen hepde, 24-nji iýulda Tähran şäherinden uçup gaýdan «Il-62» kysymly ýolagçy uçary garaşylmadyk ýagdaýda ýüz beren tehniki näsazlyk sebäpli, Maşat şäheriniň aeroportynda gyssagly gonuş amala aşyrmaga mejbur bolupdy. Wakada uçaryň uçuş zolagyndan çykyp, daşky haýaty süsmegi zerarly, 153 ýolagçydan 16-sy heläk boldy we ençeme adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG