Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jeksonyň doktorynyň öýi hem ofisi döküldi


Federal agentler Maýkl Jeksonyň şahsy doktorynyň öýüni we ofisini dökdüler. Bu barlag pop ýyldyzy güýçli uky dermanynyň berilmeginden ölen bolmasyn diýen soraga jogap tapmak üçin geçirilýär.

Agentler Konrad Murraýyň jaýynda geçirilen üç sagatlyk gözlegden soň birnäçe plastiki gapyrjagy alyp gitdiler. Şeýle-de resmiler doktoryň ofisini dökdüler.

Bu ýerdäki gözleg dokuz sagada çekdi. Murraýyň aklawçysy Edward Çernof gözleg-agtaryş mahalynda Murraýyň özüniň hem şol ýerde bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG