Sepleriň elýeterliligi

Orsýet bilen Nikaragua wiza şertnamasyna gol çekdi


Orsýet bilen Nikaragua iki ýurduň arasynda wizasyz gatnawy ýola goýmak baradaky şertnama gol çekdi.

Bu şertnama Managuada Orsýetiň premýer ministriniň orunbasary Igor Seçin gol çekdi. Ol Nikaraguanyň prezidenti Daniel Ortega bilen hem duşuşdy.

Seçin tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän biznes delegasiýasy energiýa proýektlerine we ikitaraplaýyn söwdany giňeltmek baradaky ylalaşyklara gol çekdi.

Seçin Duşenbe güni Wenezuelanyň prezidenti Hugo Çawez bilen duşuşdy we olar iki ýurduň arasyndaky harby-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek ylalaşygyna geldiler.
XS
SM
MD
LG