Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran oppozisiýanyň ýas üýşmeleňini gadagan edýär


Eýran oppozisiýanyň geçen aýdaky prezident saýlawlary bilen bagly protestlerde öldürilen adamlaryň ýas üýşmeleňini geçirmek barada soran rugsadyny bermedi.

Eýranyň Içeri işler ministrligi “hiç bir şahsyýetiň ýa dürli syýasy toparlaryň ýygnanyşygy ýa-da ýörişi üçin rugsadyň çykarylmandygyny” aýtdy.

Saýlawlarda prezident Ahmedinejatdan utulan oppozisiýa liderleri Mir Hosseýin Musawi we Mehdi Karrubi protestlerde öldürilen adamlaryň hormatyna Tähranda “ümsüm” ýas üýşmeleňini geçirmäge rugsat sorapdylar.

Eýran resmileri protestçileriň 300 çemesiniň türmede saklaýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG