Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada tapylan kelleçanak Gongadzäniňkä meňzeýär


Ukrain derňewçileri öz tapan kelleçanak süňkleriniň Heorhiý Gongadzäniňkidigine ynanýandyklaryny aýdýarlar.

Gongadze 9 ýyla golaý mundan alnyp gaçylyp, kellesi kesilipdi. Prokuroturanyň sözçüsi Ýuriý Boýçenko döwülen kelleçanagyň Kiýewiň daşynda bir obadan tapylandygyny aýtdy.

Gongadze 2000-nji ýylyň sentýabrynda ýitrim bolupdy we şondan birnäçe aý soň onuň kellesiz göwresi tapylypdy.

Garşydaşlary we hukuk toparlary žurnalistiň ölümini şol wagtky prezident Leonid Kuçmadan görüpdiler. Emma Kuçma bu aýyplamalary ret edipdi.
XS
SM
MD
LG