Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň goranmak ministri Yraga geldi


ABŞ-nyň goranmak sekretary Robert Geýts ozal habar berilmedik sapar bilen Yraga geldi. Birleşen Ştatlaryň uly bir resmisi žurnalistlere goranmak sekretarynyň Yragyň şaýy, sünni we kürt jemgyýetçiliklerini amerikan goşunlary 2011-nji ýylyň soňunda ýurtdan çykmazdan öň öz syýasy agzalalyklaryny çözmäge çagyrjagyny aýtdy.

Geýts premýer ministr Nury al-Maliki we goranmak ministri Abdel Kader Jassim bilen gepleşikler geçirer. Şeýle-de ol özüniň iki günlük saparynyň dowamynda Yragyň giň möçberli awtonomiýadaky kürt regionyna sapar eder.

Geýts Ysraýyla hem Iordaniýa saparyndan soň Yragyň günortasyndaky Talilde ýerleşýän harby baza geldi.
XS
SM
MD
LG