Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerika bilen Hytaý Eýranyň ýadro ýaragly bolmagyna garşy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Waşington bilen Pekin Eýranyň ýadro ýaragly güýje öwrülmegine garşy diýdi.

Klinton žurnalistlere Eýranyň ýadro ýaragly güýje öwrülmeginden edilýän aladany bölüşenligi üçin özüniň Hytaýdan hoşal bolandygyny aýtdy. Birleşen Ştatlaryň Gazna (Hazyna) sekretary Timoti Geýtner bolsa Hytaýyň Birleşen Ştatlara global ykdysadyýeti dikeltmekde bile işleşmegi wada berendigini aýtdy.

Geýtner bilen Klinton Waşingtonda geçen iki günlük ýokary derejeli gepleşiklerden soň çykyp gürlediler.
XS
SM
MD
LG