Sepleriň elýeterliligi

Moldowada parlament saýlawlary geçirilýär


Moldowaly ses berijiler ýurduň geljekki ugruny üýtgedip biljek parlament saýlawlaryna gatnaşýarlar.

Moldowaly ses berijiler ýurduň geljekki ugruny üýtgedip biljek parlament saýlawlaryna gatnaşýarlar.

Moldowaly ses berijiler ýurduň geljekki ugruny üýtgedip biljek parlament saýlawlaryna gatnaşýarlar. Şu ýylyň aprel aýynda geçiren saýlawlaryndan soň Moldowa Orsýet bilen Ýewropa Birleşigi arasyndaky gapma-garşylyklar meýdanyna öwrülipdi. Şonda protestçiler Moldowanyň häkimiýet başyndaky Kommunistik partiýasyny saýlawlary galplaşdyrmakda aýyplapdy.

Moldowaly ses berijiler ýurduň geljekki ugruny üýtgedip biljek parlament saýlawlaryna gatnaşýarlar. Şu ýylyň aprel aýynda geçiren saýlawlaryndan soň Moldowa Orsýet bilen Ýewropa Birleşigi arasyndaky gapma-garşylyklar meýdanyna öwrülipdi. Şonda protestçiler Moldowanyň häkimiýet başyndaky Kommunistik partiýasyny saýlawlary galplaşdyrmakda aýyplapdy.

Ozalky saýlawlaryň gapma-garşylyklary baradaky ýatlamalar, 29-njy iýulda Moldowada saýlawlar geçýän güneşli güne kölege salýar. Örän garyp bu ýurtda köpler durmuşynyň gowulyga tarap özgerjegini umyt edýärler.

Ioanna Dorode özüniň Kommunistik partiýasyny goldaýanlygyny mälim etdi, emma ol ýurtda durnuklylygyň bolmagyny isleýänligini aýtdy: “Men çagalarymyzyň urulyp-ýenjilmegini islemeýärin. Sebäbi 7-nji aprel wakalaryndaky tutha-tutluklarda çagalarymyz turmä atylyp, iň jenaýatçylykly usullar bilen urulyp-ýenjilipdi.”

Prezident Wladimir Waronin Kişinewdäki saýlaw uçastogynda ser berýär, 29-njy iýul, 2009 ý.
Aprel aýynda bolan saýlawlaryň yzýany protestleriň döremegine Kommunistik partiýasynyň saýlawlary geçirişine nägilelikler esasy sebäp bolupdy. Demonstrantlar parlamentiň we prezidentiň edaralaryna hüjüm edipdi, olara garşy polisiýa tarapyndan güýç ulanylypdy.

Aprel aýyndaky ses berişligiň resmi netijelerine görä, kommunistleriň sesleriň 60%-ne eýe bolanlygy aýdylypdy. Emma yzýany häkimiýet başyndaky kommunistik partiýasy oppozisiýany öz tarapyna çekmegi başarman, president Wladimir Woroniniň gaýtadan saýlanmagyna ýeterlik ses toplap bilmedi. Woronin parlamenti dargadyp, häzirki saýlawlary bellemäge mejbur bolupdy.

Oppozisiýa güýçlenýär

Kişinewli ses beriji Andreý Makamandr ýurduň geljegi oppozisiýanyň ýeňişine bagly bolar diýip hasap edýär. Ol ýurtda syýasy güýçleriň deňagramlylygynyň zerurdygyny aýdyp, “mundan beýläk-de häzirkisi ýaly ýaşamak çydar ýaly däl” diýip belledi.

Kommunistlere garşy üç sany syýasy partiýa bäsdeşlik edýär. Pikir öwrenmelere görä, bu syýasy toparlaryň wekilleriniň arasynda köpler Marian Lupuwa bil baglaýarlar. Öňki kommunist Lupu geçen aýda partiýasyny terk edip, merkezçi Demokratik partiýasyna ýolbaşçy bolupdy. Onuň bu hereketi, oppozisiýanyň seslerini özüne çekip, kommunistleriň peýdasyna ulanmak baradaky şübheleri hem döredipdi. Emma Lupu diňe giň koalisiýany döretmek arkaly Moldowany syýasy krizisden çykaryp boljakdygyny aýtdy.

Moldowanyň häzirki saýlawlaryna 3 müňden gowrak ýerli we halkara synçy gözegçilik edýär. Kommunistler ýeňiş gazanan ýagdaýynda-da köpler aprel aýynda bolan zorluklaryň gaýtalanmajagyna garaşýarlar. Emma ýurtda dartgynlylyk güýçlenýär. Oppozisiýa kommunistleri ses berijileri gorkuzmakda we häkimiýetiň adyna edilýän tankytlary basyp ýatyrmakda aýyplaýar.

Nireden nirä?

Aprel aýynda Aleksandr Woronin oppozisiýany Rumyniýa bilen birleşmek synanyşygynda aýyplapdy. 2-nji Jahan urşuna çenli Moldowanyň uly bölegi
Rumyniýa degişli bolupdy. Anna günki çykyşynda Woronin, Kommunistik partiýasynyň ýeňişi “Moldowany ýitip gitmek howpundan halas eder” diýip aýtdy. Wadimir Woronin Moskwanyň goldawyna daýanýar. Onuň hökümetine Orsýet tarapyndan $500 million karz teklip edildi.

Oppzision toparlar bolsa Moldowanyň Rumyniýa bilen gatnaşyklary güýçlendirmegini we Ýewropa Birleşigine goşulmagyny isleýärler. Tankytçylar, Woroniniň korrumpirlenen syýasy oligarhiýasynyň ýurduň ykdysady ösüşine päsgelçilik berýänligini aýdýarlar.

Moldowanyň Liberal partiýasynyň lideri we Kişinewiň meri Dorin Kirtoaka Kommunistik partiýasy saýlawlarda ýeňilen ýagdaýda, onuň häkimiýet başynda galmak üçin güýç ulanmagyndan howatyrlanýar. “Kommunistler demokratiýany we demokratik düzgünleri kabul etmek islemeýärler” diýip Kirtoaka pikir edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG