Sepleriň elýeterliligi

Moldowada kommunistler ýeňilýär


Moldowanyň parlament saýlawlarynyň netijeleri Günbatara tarapdar partiýalaryň dolandyryjy kommunistlerden köp ses alandygyny görkezýär.

Häzir sesleriň 76 prosentiniň sanalandygy aýdylýar. Sanalan sesler oppozisiýa partiýalarynyň 50 prosente golaý ses alandygyny, öňki sowet ruspublikasynda 2001-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan kommunistleriň bolsa 46 prosent ses alandygyny görkezýär.
XS
SM
MD
LG