Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Barzani ýene kürt regionynyň prezidenti boldy


Saýlawlaryň resmi netijeleri Massoud Barzaniniň Yragyň ýarymawtonom kürt regionyna gaýtadan prezident saýlanandygyny görkezdi. Ol sesleriň 70 prosente golaýyny aldy.

Şeýle-de netijeler regionyň esasy iki syýasy partiýasynyň parlament saýlawlarynda 57 prosent ses alandygyny görkezdi.

Saýlaw netijeleriniň yglan edilmegi ABŞ-nyň goranmak sekretary Robert Geýtsiň regiona saparyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG