Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak güýçleri Eýranyň oppozisiýa topary bilen çaknyşýar


Yrak güýçleri bilen Yragyň demirgazygyndaky Eýran oppozisiýa toparynyň arasynda iki gün bäri söweş barýar. Yrak güýçleriniň Eýranyň Halk mujahetdin guramasyna degişli lagere hüjümi netijesinde ýedi adam öldi, onlarça adam ýaraly boldy.

Bu lager Diýala welaýatynda ýerleşýär we ol erde ozalky Eýran söweşijileriniň we olaryň garyndaşlarynyň 3500 çemesi öýi bar.

Bu topary terrorçy gurama hasaplaýan Waşington çaknyşykdan saklanmaga çagyrdy. Emma Eýran Yraga bu lagere zarba urany üçin sagbolsun aýtdy.
XS
SM
MD
LG