Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa we ABŞ Owganystandaky tagallalaryny goraýar


Owgan topragynda wepat bolan esgerleriň köpelýändigine garamazdan, Britaniýa we Birleşen Ştatlar Owganystana berlenliginde galýar.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Deýwid Miliband munuň Owganystana goşun iberen ýurtlaryň ählisi üçin ýeňil bolmadyk bir döwürdigini, emma özüniň britan jemgyetçiliginiň bu missiýa goldawyna ynanýandygyny aýtdy.

Ol Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton bilen duşuşykdan soň çykyp gürledi. ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton iki ýurduň hem Owganystana wepalylygyna galýandygyny aýtdy.

Owganystanda diňe iýul aýynyň özünde britan esgerleriniň 22-si öldürildi. Şeýle-de ol ýerde şu aý 39 amerikan esgeri öldürildi.
XS
SM
MD
LG