Sepleriň elýeterliligi

Eýranly aklawçy türmeden azat edildi


Eýranly adam hukuklaryny goraýjy aklawçy Şadi Sadr türmeden boşadyldy. Onuň aklawçysy Mohammad Mostafi “Etemad Melli” gazetine öz müşderisiniň Sişenbe güni 50 müň dollara golaý girew esasynda türmeden boşadylandygyny aýtdy.

Aýallaryň hukuklary boýunça kampaniýa alyp barýan Sadr 17-nji iýulda tussag edilipdi. Ol 2-nji gün girew esasynda goýberilen 140 tussagyň biridir.

Türmeden köpçülikleýin boşatmak ýurduň baş sudýasynyň çynlakaý jenaýat etmedik adamlary boşatmak baradaky buýrugy esasynda geçirildi.
XS
SM
MD
LG