Sepleriň elýeterliligi

Kandidata ynam bildirmek bilen iş gutaranok


Geňeşliklere geçirilen saýlawlara saýlawçylaryň 95,7 %-niň gatnaşandygy aýdylýar.

Geňeşliklere geçirilen saýlawlara saýlawçylaryň 95,7 %-niň gatnaşandygy aýdylýar.

Geçen bazar güni – 26-njy iýulda Türkmenenistanda Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Ýurduň resmi habarlarynda ozaly bilen şol saýlawlaryň alternatiw esasda geçirilendigi hakdaky tassyklamalar göze ilýär.

Munuň özi bir täzelik. Eger şu gidişine gitse, ýurduň syýasy durmuşynda haçanam bolsa bir wagt bäsdeşligiň, özara göreşiň adaty bir kada, düzgüne öwrülmegi mümkin. Türkmenistanda baş saýlawlar – prezident saýlawlary hakyky alternatiw esasda geçirilse, prowokasion häsiýetli soraglara ýer hem galmaz. Geňeşliklere saýlawlar geçirilende her orun ugrunda iki kandidatyň bäsleşmeginden ýerli organlar ýumrulaýmady ahyryn! Eger ýurduň baş wezipesi ugrunda iki we ondan köp adam ýaryşsa, näme üçin Türkmenistan dargamalymyş? Mundan diňe döwletiň saýlawlar instituty utuş gazanmazmy? Bu döwlet ähmiýetli möhüm syýasy çäräniň äsgerilmezligi Saparmyrat Nyýazow döwründe halkyň döwlete, döwletiň halka bolan ynamynyň ýok bolmagyna, ýitip gitmegine sebäp bolupdy. Eger açyk göreşde azyndan iki, hatda ondanam köp kandidat bäsleşmese, saýlawçylarda ynam nireden döresin?

Geňeşliklere geçirilen saýlawlara saýlawçylaryň 95,7 %-niň gatnaşandygy aýdylýar. Eger açyk bäsdeşlik esasynda saýlawlar geçirilse, şol görkezijiniň has pes bolmagy-da ahmal. Sebäbi şonda her bir saýlawçy programmasy öz isleglerine gabat gelýän kandidaty goldar we oňa ses berer. Şeýle ýagdaýda bu iş zor bilen däl-de, her kimiň öz höwesine, ynanjyna we gyzyklanmasyna görä amala aşar. Başgaça aýdylanda, ses bermäge gatnaşmagyň öz saýlan wekiliň üsti bilen öz bähbitleriňi goramakdygyna hemmeler düşüner. Saýlawa gatnaşýan kandidatyň, halk wekiliniň programmasy ýokardan ýazylyp eline berlen däl-de, saýlawçylaryň real isleglerine gabat gelýän programma bolar. Bu aýdylanlar kandidata bolan ynam meselesinde kesgitleýji roly oýnaýar. Sebäbi adamlar öz aladasyny etjek, öz bähbitlerini gorajak kandidata ses berýärler.

Diňe ynam bildirmek ýeterlik däl

Kandidata diňe bir ynam bildirmek bilenem iş gutaranok, soňra şol saýlanan kandidatdan beren wadalary hakda hasabat soramaga-da saýlawçylarda mümkinçilik bolmaly. Eýse, türkmen saýlawçylary häzirki ýagdaýda dogruçyl, adalaty goldajak, öz aladasyny etjek adama ses berip bildilermikä? Muny geljekde barlap bilsler gerek. Saýlawçylar, belki, oba ýaşaýjylarynyň durmuşy bilen bagly meseleleri Geňeşliklere saýlanan agzalaryň hakykatdan nä derejede çözüp biljekdiklerini anyklap bilerler. Ýöne ahyrky netijede hemme zat öňki-öňküligine galyp, Geňeş agzalaryna hiç zat bagly bolman, bar meseläni çözjekler ýene-de ýerli döwlet edaralary bolsa, nähili bolar?

Eger Geňeş agzalaryna bir zatlar bagly bolaýanda-da, obalaryň, şäherdir şäherçeleriň, etrap merkezleriniň ilatynyň sosial-durmuş şertlerini 2020-nji ýyla çenli üýtgedip gurmak, özgertmek boýunça Türkmenistanyň prezidentiniň milli programmasynyň ýerine ýetirilişini saýlawçylar Geňeş agzalaryndan sorap bilermi? Ýerli organlara täze saýlananlar ýerlerde adamlaryň üstünden häkimlik etmekde merkezi çinowniklere kömek berýän goşmaça býurokratik gural bolmasalar-da ýagşydyr.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG