Sepleriň elýeterliligi

Studentlere ýurtdan çykmaga rugsat gerek


Türkmenistanly ýaşlaryň arasynda bilimli bolmaga höwes gitdigiçe güýçlenýär.

Türkmenistanly ýaşlaryň arasynda bilimli bolmaga höwes gitdigiçe güýçlenýär.

Soňky döwürde daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin Türkmenistanyň daşyna çykmaga synanyşýan ýaşlaryň ähli transport ulaglardan düşürilýänligi birnäçe internet saýtlarda habar berildi.

“Nemes Tolkuny” öz maglumatynda 27-nji iýulda daşary ýurtlarda okaýan we okuwa girmekçi bolýan 40 adamyň Aşgabadyň howa meýdanynda daşary ýurtlara gatnaýan uçarlardan düşürilenligini ýazdy. “Munuň sebäbini häkimiýetler studentleriň ýurdy terk etmek üçin ýörite rugsadynyň ýoklugy bilen düşündirdiler” diýip, “Nemes Tolkuny” belledi.

“Fergana.ru” internet saýtynyň maglumatyna görä, türkmen resmileri daşary ýurtlardaky köp ýokary okuw jaýlarynda bilimiň derejesiniň belli bir standartlara gabat gelmeýänligini aýdýarlar. Şeýlelikde daşary ýurtlaryň diňe döwlete degişli ýokary okuw jaýlaryna girmek isleýän we okuwyny dowam etdirýän ýaşlara ýurdy terk etmäge rugsat bermek kararyna gelindi – diýip, maglumatda bellenilýär. Emma gadagançylygyň ýaşlar üçin täzelik bolanlygy we bu düzgün barada öňünden hiç ýerde habar berilmänligi internet neşirleriň maglumatlarynda bellenilýär.

Öz hasabyna daşary ýurtlarda bilim almak isleýän ýaşlaryň okuwa gitmegine degişli düzgünler barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginden maglumat almak radiomyza başartmady. Bu düzgünler barada Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinden-de maglumat tapylmady.

Çakylyk almaly we hasaba durmaly


Asgabatly diňleýjimiz Maralyň aýtmagyna görä, ol öz oglyny daşary ýurda okuwa ibermek üçin Bilim ministrliginiň Halkara bölümi bilen habarlaşypdyr. Oňa bölümiň resmisinin telefon arkaly aýtmagyna görä, daşary ýurda okuwa gitmek ucin şol okuw jaýyndan çakylyk almaly we ministlikde hasaba durmaly. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmisiniň: “Daşary ýurda okuwa gitmekçi bolýan ýaşlardan ýene nähili başga talaplaryň edilýänligini men bilemok” diyip, aýdanlygyny Aşgabatly diňleýjimiz gürrüň berdi.

Türkmenistanly žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew okuwa gitmek meselesi bilen çäklenmän umuman ýurtdan çykmak isleýän adamlaryň saklanmagy bilen bagly wakalaryň henizem köpdügini aýtdy. Ýazgulyýew ýaşlaryň ýurtdan çykarylmaýanlygyny ýurduň ýapyklygy we raýatlaryň hereket azatlygyny çälklendirýän düzgünleriň dowam etmegi bilen baglanyşdyrdy.

Soňky döwürde Türkmenistanda daşary ýutlara okuwa gidýän ýaşlaryň sany köpeldi. Ýurduň bilim pudagyny ösdürmek resmi Aşgabadyň soňky ýyllarda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde geçirýän gepleşiklerde ara alyp maslahat edýän esasy meseleleleriniň arasynda agzalýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň studentleri Orsýetiň, Hytaýyň, Ýewropa döwletleriniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýarlar. Resmi programmalaryň çäginde daşary ýurtlarda okaýanlaryň sanynyň geljekde ýene artdyryljakdygy barada resmi maglumatlarda aýdylýar.

Şu ýyl daşary ýurtlarda okajak ýaşlaryň sanynyň 2 700 adamdan ybaratdygy aýdyldy. Emma bu sanyň döwlet programmalary boýunça iberiljek ýaşlardan ýa-da özbaşdak öz hasabyna okajak raýatardan düzüljegi takyklaşdyrylmady. Türkmenistanyň öz ýokary okuw jaýlary bolsa şu ýyl 4 275 adamy kabul eder.

Şu günki gün Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda ýokary bilim almak mümkinçiliginiň her 30 adamdan diňe birinde bardygy “Nemes Tolkunynyň” internet saýtynda bellenilýär.

Bilimli bolmaga höwes güyçlenýär

Türkmenistanly ýaşlaryň arasynda bilimli bolmaga höwes gitdigiçe güýçlenýär. Döwletmyrat Ýazgulyýew soňky döwürde daşary ýurtlara okamaga gidýän ýaşlaryň sany köpelip, ene-atalaryň mümkin boldugyndan çagalaryny okatmaga çalyşýanlygyny aýtdy. “Okamasaň, Türkmenistanda iş uly mesele. Statistik maglumat bolmasa-da, işsizligiň derejesi 45-50% bardyr diýip çaklasa bolar. Emma okaýan adamlar häzir işsiz bolanoklar. Iň bolmanda olar şu taýda işläp bilmejegini bilseler, daşary ýurtlarda galyp işleýärler” diýip Ýazgulyýew aýdýar. “Şonuň üçin adamlaryň aladasy çagalaryny daşary ýurtlarda okatmak. Pul tapan, mümkinçiligi bolan öz çagasyny okatmak üçin alada edýär, sebäbi hemmeler düşünýär, 21-nji asyryň ylym-bilim asyry boljakdygyna ynanýar.”

Türkmenistanyň daşynda bilim almak isleýänleriň sanynyň köpelmeginiň ýurtda berilýän bilimiň hiline-de baglydygyny synçylar aýdýarlar. Şu günki gün Saparmyrat Nyýazowyň “Ruhnamasy” Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna esasy giriş ekzamenleriň biri bolmagynda galýar. Şol bir wagtda-da ýurtda “Ruhnamanyň” awtorynyň indi agzalmaýanlygy-da habar berildi. “Türkmen Inisiatiwasy” guramasy bu barada mugallymlara gizlin tabşyrygyň berlenligini ýazdy.

Käbir daşary ýurt okuw jaýlaryna girmek isleýänler hem “Ruhnama” boýunça synagdan geçmeli bolarlar. 2009/2010-njy okuw ýyly üçin Gazanyň Medeniýet we sungat boýunça döwlet uniwersitetine, şeýle-de N.G.Žiganow adyndaky döwlet konserwatoriýasyna kabul edişlik yglan edildi. “Turkmenistan.ru” internet gazetine görä, Tatarystanyň okuw jaýlaryna giriş ekzamenleri awgustyň başynda Aşgabatda geçirilip, studentler saýlap alan hünärine degişli derslerden daşgary Türkmenistanyň taryhy we “Ruhnama” boýunça hem synaglardan geçmeli bolarlar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowa daşary ýurtlarda bilim almak meselesiniň her bir ýurduň bilim pudagyny ösdürmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Ol, meselem, Özbegistanly ýaşlaryň şeýle mümkinçilikden päsgelçiliksiz peýdalanýanlygyny aýtdy. Sanobar Şermatowa ýaşlaryň öz hasabyna okamagy döwlet üçin bähbitli diýip, pikir edýär: “Bu ýurduň özüne bähbitli. Sebäbi adamlar öz hasabyna daşary ýurtlarda okaýarlar we bilimli bolup, köplenç ýurduna dolanyp gelýärler. Bu bolsa bilimli milli hünärmenleriň sanynyň köpeljegini aňladýar. Üstesine-de, bu hökümet üçin çykdajyly däl. Şonuň üçin ähli ýurtlar ýaş raýatlarynyň daşary ýurtlarda bilim almagyna gyzyklanýar” diýip, Sanobar Şermatowa aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG