Sepleriň elýeterliligi

Hukuk goraýjy gurluşlaryň maglumat üpjünçiligine garaldy


Türkmenistanyň Adalat köşgi.

Türkmenistanyň Adalat köşgi.

Türkmenistan Döwlet Habarlar gullugynyň çap eden maglumatyna görä, 29-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda harby hem kanun goraýjy organlaryň üstümizdäki ýylyň ýedi aýynda bitiren işleriniň jemlerine seredildi, döwlet syýasatynyň we Harby doktrinanyň çäklerinde agzalan edaralaryň öňünde duran meseleler maslahatlaşyldy. Onda guramaçylyk meselelerine garalyp, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna-da täze ýolbaşçy bellenildi. Howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň gün tertibinde hukuk goraýjy gurluşlaryň işinde maglumat üpjünçiligi - birinji derejeli möhüm mesele boldy. Näme üçin? Köpçülikleýin habar serişdeleriniň jemgyýetde oýnaýan roly nähili? Türkmen häkimiýetleriniň öňünde bu ugurdan çözgüdine garaşýan neneňsi problemalar bar?

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda güýç ulanyjy, kanun goraýjy organlara “Milli goşun”, “Serhet abat-Döwlet abat”, “Asudalygyň goragynda” ýaly žurnallar, ”Esger”, “Adalat” gazetleri degişli. Howpsuzlyk geňeşinde Türkmenistanyň goranmak ministri Ýaýlym Berdiýew agzalan neşirlere syn bilen çykyş edip, žurnalistleriň bitiren işlerini belläpdir, “Adalat” gazetiniñ mysalynda anyk kemçilikler, goýberilen ýalňyşlyklar dogrusynda gürrüň edipdir.

“Adalat” gazetinde nähili kemçilikler goýberilipdir, beýleki neşirleriň işinde döwlet ýolbaşçylaryny kanagatlandyrmaýan neneňsi meseleler bar? Bular barasynda Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň maslahat baradaky teswirinde maglumat berilmeýär. Aşgabatdaky habarçymyz Halmyrat Gylyçdurdyýew 23-nji iýulda şeýle maglumat beripdi: “22-nji iýulda “Neýtralnyý Turkmenistan”, “Türkmenistan” we başga-da birnäçe gazet okyjylara gowuşmady. Men munuň sebäbini soranymda, poçtalýon: “Gazetleri getirdiler, biz gazetleri okyjylara paýlamak üçin, adresler boýunça olary bölüşdirip durkak, birki sany adam gelip, gazetleri ýeke-ekeden sanap, alyp gitdi. Olar ýokarda uly bir ýalňyşlygyň goýberilendigini aýtdylar” diýip, jogap berdi. Nähili ýalňyşlyk goýberilendigi barasynda entek hiç hili maglumat ýok, belki, ýakyn wagtlarda munuň sebäbini okyjylara düşündirerler”.

Ine, ondan bäri hepde çalyşdy. Graždan eşikli adamlaryň ile ýaýradylmaly gazetleri alyp gitmeginiň sebäbi düşündirildimi? – diýen soraga žurnalist Amanmyrat Bugaýew şeýle jogap berdi: “Türkmenistanda metbugat ýapyk. Şonuň üçinem şol aýdylan söz matal ýaly bolup galýar. Şondan bäri Ministrler kabinetiniň maslahaty, Howpsuzlyk sowetiniň maslahaty geçenem bolsa, nähili ýalňyş goýberilipdir, hiç hili habar ýok. Erbet zady bu hereket il içinde gerekmejek myş-myşlaryň döremegine-de sebäp bolýar.”

“Jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde möhüm faktor”

Berdimuhamedow Howpsuzlyk geňeşinde eden çykyşynda köpçülikleýin habar serişdeleriniň jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde möhüm faktordygyny belläpdir. Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, döwlet syýasatynyň strategik maksatlaryny düşündirmek, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ähli ýurtlar bilen dostlukly hem hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly meseleler boýunça gürrüňi edilýän habar serişdeleriniň öňünde köp sanly meseleleriň durandygyny aýdypdyr.

Türkmenistanly gürrüňdeşlerimiz häkimiýetler tarapyndan metbugat bilen bagly nähili görkezmeler berilse-de, gazetleriñ hiliniñ üýtgemeýändigini, olarda, hemişekisi ýaly, tükeniksiz öwgülerden aňry geçilmeýän materiallaryň çap edilýändigini, şonuň üçin okyjylaryň türkmen gazet-žurnallaryny okamaýandygyny aýdýarlar. Halmyrat Gylyçdurdyýew şeýle diýdi: “Gazetler many-mazmuny boýunça biri-birinden tapawutlanmaýar. Şu günki materialy ertirki çap ediljek gazetlerden-de okap bolýar”.

Kadrlar meselesi

Demokratik döwletlerde dördünji häkimiýet diýlip atlandyrylýan, jemgyýeti öñe äkitmeli metbugat, Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, Türkmenistanda döwlet baştutanynyň aýdanlaryny gaýtalamak bilen meşgullanýar.

“Prezident bir ýerini tankytlaýar weli, tankytlandygyny aýdýar-da, näme üçin tankytlandygyny, günäkäriň kimdigini aýtmaýar, meseläniň yzyny yzarlamaýar. Hökümet näme karar etse, metbugat diňe şony gaýtalýar”.

”Beýik Galkynyş zamany” atlandyrylýan döwürde-de Türkmenistanyň habar serişdelerinde şol bir ýagdaýyň gaýtalanmagynyň sebäbini Türkmenistanly žurnalist kadrlar meselesinde görýär. Onuň sözlerine görä, habar serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň bärsinden 90 prosenti Nyýazowa hyzmat eden adamlar. Olaryň arasynda gürrüňini edeniňe degmeýänlerem bar. Şol gözden düşen adamlar ýagdaýy häzirki derejesinde saklap galmak isleýärler hem ony öz bähbitlerini aramak üçin ulanýarlar. Kanun işlese, metbugat azatlygynyň alamatlary göze görnüp ugrasa, diňe şonda Türkmenistanda hakyky özgerişler bolar”.

Bu pikir bilen žurnalist Amanmyrat Bugaýewem ylalaşýar. Şol bir wagtda-da metbugat bilen häkimiýetleriň arasynda ylalaşygyň bardygyny, häzirki ýagdaýyň iki tarapy-da kanagatlandyrýan bolmagynyň mümkindigini aýdýar: “Iki tarapam häzirki ýagdaý bilen ylalaşýar. Işleýän-ä boýnuna jogapkärçiligi alyp, ýazasy gelenok, ýokardakylaram häzirki dowam edýän ýagdaý bilen ylalaşýarlar”.

Kanunçylykda zerurlyklar

Häkimiýet çalşansoň, ýurtda garaşsyz, hususy habar serişdelerini açmaga synanyşan adamlar boldumy? Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, 1992-93-nji ýyllarda kabul edilen Türkmenistanyň metbugat baradaky kanunyna ýaňadan seretmek gerek, şol kanun garaşsyz habar serişdelerini açmaga rugsat berýär, bu işi Türkmenistanyň Neşirýat we kitap söwdasy boýunça döwlet komiteti resmileşdirmeli.

“Şol Döwlet komiteti indi ýatyryldy-da, metbugat gullugy diýip, bir kiçiräk edara öwrüldi, Ministrler kabinetiniň ýanynda işleýär. Olam öz funksiýasyna girmeýändigini aýdyp, garaşsyz habar serişdelerini resmileşdirmegi boýun alanok. Zaýawkany, teklipnamany kime tabşyrmalydygy belli däl. Kanun bolsa, şol öňki köneligine dur”.

Ýurtda syýasy, ykdysady, sosial problemalary çözmek, bazar gatnaşyklaryna geçmek, adam hukuklary, esasy kanunyň kepillendirýän ähli azatlyklary we başga-da köp meseleleriň çözülmegi üçin garaşsyz habar serişdeleri gerek. Oňa eýe bolmak üçin Türkmenistanly žurnalistiň sözlerine görä, Nyýazow döwrüniň syýasy sistemasyny aradan aýyrmagyň zerurdygyna düşünmeli. Şol sistemany ýazgaryp, ondan doly ýüz öwürmeli, diňe şonda erkin, garaşsyz metbugata eýe bolarys.
XS
SM
MD
LG