Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Moldowany çalt hökümet düzmäge çagyrýar


Ýewropa Bileleşigi Moldowany kommunistler parlamentde köplügi ýitirenden soň durnuksyzlyk bolmazlygy üçin derhal hökümet düzmäge çagyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Hawiýer Solana Moldowa syýasatçylaryny “çakgan hem öz içine alyjy usulda” prezident saýlamaga we hökümet düzmäge çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Senatynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Jon Kerri Moldowadaky saýlawy möhüm pursat atlandyrdy we ýurduň syýasy liderlerini agzalalyklary bir gyra goýup, umumy esaslary tapmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG