Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan we separatistler bir-birini aýyplaýar


Gürjüstanyň we bölüniji sebit Günorta Osetiýanyň häkimiýetleri bir-birini ok atmakda aýyplaýar.

Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi Günorta Osetiýadaky Nikozi obasyndan şu gün irden tüpeň we granatamet oklary atyldy diýdi. Günorta Osetiýanyň separatist hökümeti bolsa regional paýtagt Sihanwaliniň Nikoziden topa tutulandygyny aýtdy. Taraplaryň hiçisi heläk bolanlaryň bardygyny aýtmady.
XS
SM
MD
LG