Sepleriň elýeterliligi

Hukuk topary özbek žurnalistine 12 ýyl berlenini aýdýar


Adam hukuklaryny goraýan topar özbek häkimiýetleriniň bir žurnalisti 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edendigini aýdýar.

Ezgulik hukuk toparynyň başlygy Abdurahman Taşanow žurnalist Dilmurod Saýidiň Samarkant welaýatynyň Toýlok etrap sudy tarapyndan türmä basylandygyny aýtdy. Saýid suduň jemleýji güni eden çykyşynda özüniň bigünädigini aýtdy. Onuň bu sözleri internetde ile etirildi.

Biraz öň ol bu jenaýat işiniň ar alyşdygyny, sebäbi özüniň birnäçe ýyl bäri ýerli häkimietleri tankytlap gelendigini aýtdy. Saýid 22-nji fewralda Samarkantda bir firmanyň işgärinden gorkuzyp pul almakda güman edilip tutuldy.
XS
SM
MD
LG