Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak çaknyşykda 6 adamyň öldürilendigini tassyk edýär


Yrak hökümetiniň sözçüsi Bagdadyň demirgazygynda bosgunlykda ýaşaýan eýranlylaryň lagerinde ýurduň howpsuzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşyklarda 6 eýranlynyň öldürilendigini tassyk etdi.

Eýranyň bosgunlykdaky Halk mujahetdin guramasynyň sözçüsi azyndan 7 eýranlynyň öldürilendigini, ýüzlerçe adamyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Bagdadyň demirgazygyndaky Al-Aşraf lageri 1980-nji ýylda gurlupdy we ol ýerde Saddam Hüseýiniň Eýrana garşy urşuna kömek eden eýranly söweşijiler ýaşaýar. Yrak ol bosgunlaryň ýurtdan çykmagyny isleýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG