Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň Ýokary sudy Muşarrafy sud etmek islemeýär


Pakistanyň Ýokary sudunyň başlygy Iftikhar Çawdary öňki harby dolandyryjy Perwez Muşarrafyň garşysyna dönüklik işini açmak baradaky talaby suduň ygtyýarlygynyň ýokdugyny aýtmak bilen yzyna gaýtardy.

Muşarrafy häkimiýetden çetleşdirmek hereketiniň öňbaşçylarynyň biri bolan aklawçy Hamid Han onuň 1999-njy ýylda güýç bilen häkimiýeti eýeländigini we 2007-nji ýylda häkimiýetini uzaltmak üçin konstitusiýany bozandygyny aýdýar.

Muşarraf 2007-nji ýylyň noýabrynda adatdan daşary ýagdaý yglan edip, gaýtadan saýlanmagynyň bikanun edilmezligi üçin Ýokary sudda arassalaýyş geçiripdi. Şol arassalaýyşyň pidalarynyň biri hem Çawdari bolupdy.
XS
SM
MD
LG