Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl uruş şikaýatlarynyň 100-sini derňeýär


Ysraýyl öz goşunlarynyň şu ýyl bolan Gaza hüjümindäki nälaýyk hereketleri bilen bagly 100 şikaýaty derňeýändigini aýdýar.

Tel Awiw Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň 163 sahypalyk hasabatynda öz goşunlarynyň ak fosfor oklaryny atandygyny tassyk etdi, ýöne halkara kanununy bozmandygyny aýtdy.

Bu hasabat Ysraýylyň 22 günlük harby hüjümini goraýar. Şol hüjümde, Hamazyň Ysraýyla raketa atmagyna zerur hem laýyk jogap hökmünde, 1400 palastinaly öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG