Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda jaýlaryň bahasy ýokarlandy


Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrundaky jaýlar.
Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrundaky jaýlar.

Türkmen hökümeti birmeňzeş we ýokary amatlykly jaýlary türkmenistanly maşgalalaryň ýeňillikli karzlaryň hasabyna elýeterli bahadan satyn alyp bilmekleri üçin düzgünnamalar esasynda goldaw bermegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň döwlet bankyna, jaý almak isleýän raýatlara ýeňillikli karzlary bermek, şeýle-de üçünji, dördünji we soňraky çagalary dünýä inen köpçagaly maşgalalar ýokary amatlykly öý ýa-da jaý edinip bileri ýaly karz pul almak üçin ýeňillikleriň goşmaça düzgünlerini taýýarlamagy tabşyrdy. Ýurduň Mejlisine bu meseleleri çözmek üçin zerur kanunçylyk aktlaryny örän gysga möhletde taýýarlamaly diýlip, görkezme berildi.

Bahalar 2 esseden gowrak ýokarlandyryldy

Ýurduň prezidentiniň ýaşaýyş jaý syýasatyna kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji organlar, galyberse-de, bank we maliýe edaralary nähili çemeleşýärler?

Paýtagt Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryndan soňky gelip gowşan maglumatlara görä, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy ep-esli ýokarlandyrylypdyr. Mysal üçin, geçen ýylyň ikinji ýarymynda 3 otagly täze ýaşaýyş jaýlarynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 1 milliard 200 million manat bolan bolsa, häzirki wagtda şol jaýlar 3,5 milliarddan 4 milliard manada çenli gymmatladylypdyr. Başgaça aýdylanda, 130 müň Amerikan dollaryna barabar bolan jaýlaryň bahasy 275 müň dollara çykyp, 2 esseden gowrak gymmatlapdyr.

Munuň bilen birlikde ýaşaýyş jaýlaryna isleg bildirip nobata duran raýatlar mundan öň jaýyň bahasynyň 10 prosentini öňünden tölemäge borçly edilen bolsalar, häzirki wagtda şol töleg ýatyrylyp, jaýyň bahasyny 30 ýylyň dowamynda doly töläp gutarmaly diýlip düzgün girizilipdir. Ýagny, Aşgabat şäher häkimliginde nobata durup jaý alan maşgalalar, jaýyň bahasyny doly üzmek üçin 30 ýylyň dowamynda her aýda 750 Amerikan dollary möçberinde töleg tölemäge borçly edilýär.

Aşgabat şäher häkimliginde jaý nobatyna duranlara bolsa, şol jaýlaryň indiden eýläk öz doly bahasyndan satylýanlygy aýdylýar. Ortaça girdeji gazanýan bir maşgala üçin 30 ýylyň dowamynda her aý 11 million manat möçberinde jaý kreditini tölemek nä derejede mümkin? Türkmenistanly ekspert Ýusup Kulyýewiň aýtmagyna görä, ilatyň dürli gatlaklarynyň alýan aýlyk derejesini göz öňüne tutsaň, şeýle ýokary möçberdäki krediti tölemek mümkin däl.

Ýewropadan hem gymmat

Ekspert Kulyýew şol jaýlaryň bahasynyň ilatyň ýaşaýyş derejesi has ýokary bolan Ýewropa ýurtlary bilen deňeşdireniňde-de görnetin gymmat gelýändigini aýdýar.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda gozgalmaýan emläkleriň bahasy ykdysady krizis sebäpli gitdigiçe arzanlaýan mahaly, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň birden ýokarlandyrylmagynda, Kulyýew Aşgabat şäher häkimliginiň we Gurluşyk ministrliginiň rolunyň bardygyny belleýär. Jaýlaryň raýatlara elýeterli bahalardan berilmegi üçin, ýurduň häkimiýetleri Aşgabat şäheriniň etegindäki we beýleki regionlardaky mellek ýerlerini hem hususylaşdyrmaly we öz maddy ýagdaýlaryna görä, maşgalalara jaý salmaga şert döretmeli diýip, ekspert Kulyýew aýdýar.

Käbir synçylar bu meseläni çözmek üçin birinji nobatda gurulýan jaýlara goýberilýän maliýe serişdeleriniň, mysal üçin, şol jaýlaryň gurluşygynda ulanylýan mermerleriň, boýaglaryň, kanalizasion we santehniki materiallaryň, demir-beton önümleriniň eksport bahasynyň degişli guramalar tarapyndan täzeden gözden geçirilmegi möhüm diýip hasaplaýarlar. Munuň bilen birlikde raýatlara ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterli bolmagy üçin döwletiň subsidiýa çärelerini ýola goýmagynyň hem zerurdygy nygtalýar.
XS
SM
MD
LG