Sepleriň elýeterliligi

Bilelikdäki güýçler boýunça ylalaşyga gol goýuldy


Şu aýyň başlarynda prezident Bakiýew terrorizme garşy merkezi açmak barada Orsýet bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň bolandygyny tassyklady.

Şu aýyň başlarynda prezident Bakiýew terrorizme garşy merkezi açmak barada Orsýet bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň bolandygyny tassyklady.

Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň çalt hereket edýän bilelikdäki güyçleri baradaky ylalaşyga toparyň 14-nji iýundaky duşuşygynda gol goýuldy. Şol bir wagtyň özünde Belarusyň we Özbegistanyň liderleri oňa gol goýmakdan ýüz öwürdiler. Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna Merkezi Aziýanyň dört döwleti bilen birlikde Orsýet, Ermenistan we Belarus giryär. Belarusyň we Özbegistanyň prezidentleri bu sammite gatnaşmak üçin Gyrgyzystana şu gün bardylar.

Moskwanyň umyt bildirmegine görä, bu sammitde iň bärkisi çalt hereket edýän bilelikdäki güyçleri döretmek barada jemleýji ylalaşyga gol goýlar. Orsýetiň habar serişdeleriniň Kremliň ýokary derejeli kömekçisine salgylanyp beren maglumatyna görä, şol bir wagtda prezident Medwedew topara agza döwletleriň liderleri bilen Gyrgyzystanyň territoriýasynda Orsýetiň ikinji harby bazasyny açmak barada gürrüň eder. Sergeý Prihodkonyň žurnalistlere aýtmagyna görä, geçen hepde orsýetli we gyrgyzstanly resmiler Gyrgyzystanyň günortasynda harby baza açmak barada özara ylalaşyga geldiler. Orsýetli resmi bu bazany, hususan, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy guramasynyň ulanjakdygyny hem aýtdy.

“Bu baza däl”

Şu aýyň başlarynda prezident Bakiýew terrorizme garşy merkezi açmak barada Orsýet bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň bolandygyny tassyklady. Bu merkezde ors we gyrgyz güyçleri bilelikde türgenleşik geçerler diyip, ol aýtdy. “Bu baza däl. Ol Halkara terrorizme garşy göreşmek boýunça merkez. Ýagny, ol Halkara terrorizme garşy göreşmek üçin türgenleşik geçirilýän merkez bolar. Şeýle terrorizmiň Gyrgyzystanyň günortasynda islendik wagt ýüze çykmagy mümkin. Şonuň üçin-de, biziň güýçlerimiz Orsýetliler bilen birlikde türgenleşik geçerler” diýip, Bakiýew belledi.

Şol bir wagtyň özünde Orsýetiň “Kommersant” gazeti täze harby bazany açmak boýunça Orsýetli we Gyrgyzystanly resmileriň arasynda oňşuksyzlygyň bardygyny 31-nji iýulda ýazdy. Gyrgyzystan bazanyň Orsýetiň puluna gurulmagyny isleýär. Orsýet bolsa, Oş şäheriniň golaýyndaky harby obýektleriň birini öz bazasyna goşmak isleýär diýip, “Kommersant” ýazdy. Şeýle-de gyrgyz resmileri harby bazany Orsýetiň kireýine almakçydygyndan hoşal däl. Orsýet her 25 ýyldan möhletini uzaldyp, bu bazany 49 ýyllap kireýine almak isleýär diýip, “Kommersant” gazeti 31-nji iýulda ýazdy.
XS
SM
MD
LG