Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Owganystandaky ýagdaýlara alada bildirýär


BMG-nyň ýaýradan raportynda, Owganystandaky urşuň parahat ilatyň ýaşaýan ýerlerine ýaýraýanlygyna alada bildirilýär.

Howa hüjümlerde, maşynda ýerleşdirilen bomba partlamada we ajalyna kaýyllaryň hüjümlerinde parhat ilatyň pida bolýandygy şol raportda agzalýar.

Diňe şu ýylyň ýanwar aýyndan iýunyň soňuna çenli parahat ilatdan 1000-den gowragynyň pida bolandygy BMG-niň raportynda aýdýlýar. Geçen ýyl bilen deňeşdirlende ol 24% artypdyr. Olaryň 59%-ne Talyp toparynyň, 30%-ne bolsa Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň jogapkärdigine-de şol raportda üns çekilýär.
XS
SM
MD
LG