Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Moldowada koalisiýa gepleşikleri başlady


Moldowanyň Merkezçi Demokratik partiýasy, saýlawlarda ýeniş gazanan Liberal topary bilen koalisiýa esasly hökümet düzmek baradaky gepleşiklere başlandygyny habar berdi.

Düzüljek täze hökümete Marian Lupunyň baştutanlyk etjekdigi çak edilýär. Ol, kommunistler bilen-de bu barada gepleşik alnyp barylmagynyň gaty ähmiýetlidigini aýtdy.

Oppozisýa hökümet düzmäge parlamentde ýeterlik sana eýe, ýöne prezidenti saýlamak üçin 61 orun zerur.
XS
SM
MD
LG