Sepleriň elýeterliligi

BMG Azerbeýjany tankyt etdi


Garaşsyz gazet-žurnallary we internet saýtlaryna basyş görkezýän Äzerbeýjany, BMG tankyt etdi. Anna güni ýaýradylan beýannamasynda, BMG-niň Adam Hukuklary boýunça komiteti, neşir we media azatlygyny çäklendirmek diýip, Bakuwuň bu işini häsiýetlendiripdir.

Azeri žurnalistlaryna yzygiderli azar berilýär we bozgakçylykda aýyplanyp suda çagyrylýar diýlip, şol maglumatda aýdylýar.

Düýbi Ženewadaky bu komitet golaýda tussag edilen oppozision žurnalistler Adnan Hajyzadeh we Emin Milliniň tussag edilmegini ýazgardy.




XS
SM
MD
LG