Sepleriň elýeterliligi

Günbatar Owganystanda 12 adam heläk boldy


Günbatar Owganystanda ýüze çykan bomba partlamasy netijesinde azyndan 12 adam heläk boldy. Olaryň köpüsiniň parahat ýaşaýjylardygy habar berilýär.

Herat welaýatynyň polisiýa bölüminiň metbugat sekretary Nur Han Nekzadyň habar bermegine görä, bu wakada azyndan 20 adam ýaralanypdyr.

Geljekki aýda Owganystanda prezidentlik saýlawlary geçiriler diýlip garaşylýar. Saýlawlaryň öňýany Talyp gozgalaňçylaryň hüjümleriniň ýygjamlaşýandygyny synçylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG