Sepleriň elýeterliligi

NATO-nyň täze Baş sekretary wezipesine başlady


Şu gün, Anders Fog Rasmusen NATO-nyň Baş sekretary wezipesinde öz işine başlady. Daniýanyň öňki premýer-ministri jenap Rasmusen 2004-nji ýylda bu wezipä bellenilen Ýap De Hup Skefferiň ornyna saýlanyp, resmi taýdan öz wezipesine 1-nji awgustdan başlap girişdi.

NATO-nyň Baş sekretary hökmünde onuň öňünde duran iň möhüm meseleleriň hataryna Owganystandaky ýagdaý, NATO-nyň giňeldilmegi hem-de Orsýet bilen gatnaşyklar ýaly meseleler girýär diýlip habar berilýar.

Şu gün wezipesine başlamagy bilen bagly eden çykyşynda, jenap Rasmusen Owganystanyň terrorçylaryň gaçybatalgasynyň bolmajakdygyny nygtady. Emma Owganystandaky ýagadaýy kadalaşdyrmak üçin NATO-nyň BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň ýardamyna mätäç boljakdygyny ol belledi.


XS
SM
MD
LG