Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Türkmen Inisiatiwasy” topary halkara guramalara ýüzlendi


Şu gün, ynsan hukuklary boýunça “Türkmen Inisiatiwasy” topary, Birleşen Milletler Guramasyny, ÝHHG-ni,ÝB-ni hem-de ÝP-ni we beýleki ynsan hukuklary boýunça halkara guramalaryny hem-de dünýa metbugatyny türkmen ýaşlarynyň hak-hukuklarynyň bozulmagyna üns bermäge çagyryp, ýörite beýanat ýaýratdy.

Şol beýanatda türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýaşlaryň bilim almaga hem-de ýurda erkin gelip-gitmäge bolan hak-hukuklarynyň bozulýandygy aýdylýar.

Şeýlelikde “Türkmen Inisiatiwasy” toparynyň ýaýradan bu beýanatynda, ýaşlara daşary ýurtlarda okuwlaryny dowam etdirmek üçin mümkinçilik döretmeklerine türkmen häkimiýetlerine çagyryş edilýär.

XS
SM
MD
LG