Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda ýene 320 adam tussag edildi



Hytaýyň Urumçy şäherinde 5-nji iýulda bolan bidüzgünçiliklere dahyly bolandykda aýyplanyp, ýene takmynan 320 adamyň tussag edilendigi aýdylýar.

Sinjaň-Uýgur awtonomiýasynda 5-nji iýulda bolan wakalardan soň, polisiýa tarapyndan 1,500-e golaý adamyň tussag edilendigi habar berildi. Olardan käbirleri soňra azatlyga goýberilipdir.

Hytaý hem uýgur milletleriniň arasynda dörän şol çaknyşyklarda 200-e golaý adam heläk bolup, 1700-e golaý adam ýaralanypdy.

Uýgurlar Hytaý häkimiýetleriniň özlerini kemsidýändigini aýdyp gelýärler.
XS
SM
MD
LG