Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Doňuz dümewi barada söhbetdeşlik


Osterhaus: "Häzirki wagt bu infeksiýanyň iň bir mümkin bolan çeşmesi onuň adamdan-adama geçmek mümkinçiligidir."
Osterhaus: "Häzirki wagt bu infeksiýanyň iň bir mümkin bolan çeşmesi onuň adamdan-adama geçmek mümkinçiligidir."

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy Gollandiýaly wirusolog Albert Osterhaus bilen doňuz dümewi barada ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk radiosy: Doktor Osterhaus, biziň bilşimize görä, doňuz dümewi, adatça, doňuzlara ýokuşýan dümewiň täze bir görnuşi we onuň wirusy käbir beýleki wiruslar bilenem gatyşan. Bu, dogrudanam, şeýlemi?

Osterhaus: Doňuz dümewi, başgaça ady “Meksikan dümewi” ýa-da H1N1 wirusynyň bu täze görnüşi özboluşly bir dümew wirusy we ol, görnüşine görä, doňuzlara mahsus dürli hili dümew wiruslarynyň utgaşmasyndan dörän. Ol soň adama geçip, adamdan-adama-da aňsatlyk bilen ýokuşýan wirusa öwrüldi. Onuň adama degýän dümewiň täze bir wirusydygyna hem-de adamdan-adama aňsatlyk bilen geçýändigine görä, bu wirusyň dünýä derejesinde epidemiýa öwrülmek, ýagny dümewiň global epidemiýasyny döretmek howpy-da bar.

Azatlyk radiosy: Bu kesel esasan nähili adamlara aňsat ýolukýar?

Osterhaus: Adatça, töwekgelçilikdäki topar diýlip hasaplanylýan garry adamlara bu keseliň ýokuşmak howpy gaty bir uly däl. Sebäbi 65 ýaşdan geçen adamlaryň toparynda bu kesele bolan garşylyk belli bir derejede ýokary ýaly görünýär. Ýöne bu garşylyk çynlakaý bir garşylyk däl. Beýleki tarapdan bolsa, haýsydyr bir hroniki kesel bilen kesellän adamlaryň, şeýle-de bedeniniň immun sistemasy gowy işlemeýen adamlaryň ýa-da demgysma keselli adamlaryň, göwreli aýallaryň, semizlikden ejir çekýän adamlaryň bu kesele uçramak howpy artygrak görünýär. Ýene bir täsin tarapy, ýaş adamlaryň, ýagny 5 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky adamlaryň bu kesele duçar bolmak howpunyň ähtimallyk derejesi garry adamlaryňka garanyňda, has ýokarydyr.

Azatlyk radiosy:
Doktor Osterhaus, adamlaryň bu kesel bilen baglanyşykly doňuzlardan howatyr etmekleri ýalnyş zatmy?

Osterhaus: Edil häzirki wagt bu infeksiýanyň iň bir mümkin bolan çeşmesi onuň adamdan-adama geçmek mümkinçiligidir. Elbetde, bu wirusyň hut doňuzlardan gözbaş alýandygy barada-da köp gürrüňler edilip gelinýär. Şeýle diýip çaklamaga käbir esaslar hem ýok däl. Emma beýleki tarapdan doňuzlar şol dümew bilen keselläýenlerinde-de, umuman alanyňda, adamlara ol wirus doňuzlardan ýokuşanok. Meksikan ýa-da doňuz dümewini biz asla doňuz etini iýmeklik bilen baglanyşdyrmaýarys.

Azatlyk radiosy: Adam nähili ýagdaýda özüni hut şu kesel bilen kesellän hasaplap biler?

Osterhaus: Bu dümewiň alamatlary belli bir derejede adaty dümewiň alamatlaryna menzeş. Ýagny, bu kesel ýokuşanda, adamda dem alyşdaky kynçylyklar bilen birlikde gyzgynyň has ýokary galmagy, bokurdak agyrysy we süňňüň gowşamagy ýaly alamatlar bolup biler. Bu keseliň ýeňil görnüşleri degende, adam bäş, alty, ýedi günläp kesel bolup ýatyp biler. Ýöne kesel gaýdyşaýanda-da, ýene birki hepdeläp adamyň özüni ýaramaz duýmagy mümkin.

Azatlyk radiosy: Adamlar bu keselden nädip goranyp bilerler? Doňuz dümewi bilen kesellän adamlar dümewe garşy häzirki bar bolan dermanlar bilen bejerilip bilnermi?

Osterhaus: Eger siz bu wirusyň epidemiýa derejesinde giň ýaýraýan regionynda ýaşaýan bolsaňyz, ondan goranmak şeýle bir mümkinem däl. Elbetde, bu wirus ýokuşan halatynda medisinanyň bejeriş strategiýasy kömek edip biler. Ähli zatdan ozal bu kesel bilen kimiň keselländigini bilmek we şeýle adamlardan gaça durmak möhümdir. Bu ilkinji nobatda edilmeli iş. Ikinjiden, bu kesele garşy durmak ýa-da ony bejermek üçin dümewe garşy ulanylýan «Tamiflu» we «Relenza» ýaly dermanlary ulanmalydyr. Ýöne, ahyrky netijede, oňünden sanjym etmek usuly bu problemanyň iň ygtybarly çözgüdi bolsa gerek.
XS
SM
MD
LG